«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şanly ýylymyz we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli etrabymyzyň orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklaryna gatnaýan gyzlaryň arasynda hünär bäsleşigini geçirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň binýadynda geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine kämilleşdirmeklerini, milli mirasymyzyň gymmatyny ýaşlaryň arasynda wagyz edilmegini gazanmakdan ybarat boldy.
«Hünärli nesil — röwşen geljek» diýen at bilen geçirilen bäsleşikde çeper elli gyzlar ene-mamalarymyzdan, gelin-gyzlarymyzdan alaja işmek, haly dokamak, jorap örmek, keşde gaýamak, tikin tikmek ýaly milli sungatymyzyň inçe syrlaryny we ýollaryny içgin öwrenýändiklerini subut etdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.