MÖHÜM WEZIPELER MASLAHATLAŞYLDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi bilen Köýtendag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — röwşen geljegimiziň binýady» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda ýaşuly nesliň wekilleriniň, bagtyýar ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň çykyşlary diňlenildi.     

     Çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk, bu umumy milli forumyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň alyp barýan işleri barada giňişleýin nygtadylar. Çykyş edenler mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň, alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň jemleri jemleniljekdigine hem-de täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna uly ynam bildirdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmakda, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

 

Gülzar BEKMURADOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 5914 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER

18 Noýabr 2024 | 818 okalan

KITAP — DÜNÝÄNIŇ AÇARY

18 Noýabr 2024 | 62 okalan

BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÇAGALYK