NETIJELI WE KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYK

     ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alan milli gymmatlyklarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Darganata etrap Medeniýet öýünde duşuşyk geçirdik. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işlere bagyşlanan täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda geçmişde dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek we geljekki nesillere miras galdyrmak ugrunda hormatly Prezidentimiziň badalga beren beýik başlangyçlarynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy we medeni ýadygärliklerimiziň, gymmatlyklarymyzyň, gadymy sungatymyzyň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde aýratyn gymmata eýedigi bellenildi. Görnüşi ýaly, ýurdumyz 30 ýyldan gowrak wagt bäri ÝUNESKO-nyň agzasy bolmak bilen, ýokary işjeňligi netijesinde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Bagtyýar ildeşlerimiz başga bir milletiňkä meňzemeýän milli mirasymyzyň, sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmekde beýik işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Sumbar MAMEDBAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER

18 Noýabr 2024 | 802 okalan

KITAP — DÜNÝÄNIŇ AÇARY

18 Noýabr 2024 | 47 okalan

BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÇAGALYK