Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew, Çärjew we Hojambaz etrap Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýollarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady» diýen atly bu duşuşyga gatnaşyjylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk işleri guramaçylykly alyp barmak we bu syýasy-jemgyýetçilik çäräniň taryhy ähmiýetini halk arasynda wagyz etmek babatda täsirli söhbet etdiler. Şeýle-de bagtyýar ýaşlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen şanly wakalara, watandaşlarymyzyň zähmet üstünliklerine, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine öz buýsançlaryny beýan etdiler. Çykyş edenler öňde geçiriljek umumymilli forumda kabul ediljek çözgütleriň, serediljek meseleleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga ýardam etjekdigine uly ynam bildirdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi we oňat dynç almagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Maýa BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.