BITARAPLYK ÝURDUŇ GOŞA GANATY

Ýakynda Saýat etrabynyň merkezi kitaphanasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen “Bitaraplyk ýurduň goşa ganaty” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen dost-doganlyk, hoşniýetli parahatçylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw ýaly ýörelgeleri halklaryň arasynda giňden wagyz edýän ýurt hökmünde tanalýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini bbeýan etdiler.

Güljan DÖWRANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň  baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Awgust 2025 | 4 okalan

BITARAPLYK ÝURDUŇ GOŞA GANATY

06 Awgust 2025 | 3 okalan

WATANYMYZYŇ MERDANA GORAGÇYLARY

06 Awgust 2025 | 6 okalan

MAŞGALA MUKADDESLIGI