Ýakynda Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumynyň maslahatlar zalynda Çärjew etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de dürli kärde zähmet çekýän ýaşlaryň, il ýaşulularynyň hem-de ak saçly eneleriň gatnaşmagynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda nika bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen «Maşgalam-baş galam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda ata Watanymyzda maşgala mukaddesligi, maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar diýip jaýdar bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli zamanany peşgeş berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.