DEŇZE ÇYKALGA — DÜNÝÄ ÇYKALGA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp «Deňze çykalga — dünýä çykalga» ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, medeni-ynsanperwer we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilip, täze derejelere çykarylýandygy barada bellenilip, ýaňy ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen maslahatlar, forumlar we brifing duşuşyklary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar uly ösüşleri we parahatçylygy nazarlaýan Watanymyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Sentýabr 2025 | 59 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Sentýabr 2025 | 49 okalan

HALK MASLAHATY — HALKYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

03 Sentýabr 2025 | 38 okalan

BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI