TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETLI BAŞLANGYÇLARYŇ ROWAÇLANMAGY

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alnyp barylýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada Türkmenabat şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletli başlangyçlaryň rowaçlanmagy» ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşugy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan köp sanly, wajyp ähmiýetli işler barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek ýaly ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Begenç ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

MAŞGALAM – BAŞ GALAM

Indiki makala

MAŞGALAM-BAŞ GALAM

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 129 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM

12 Awgust 2025 | 57 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM