Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, Dänew etrap Bilim bölüminiň, Dänew etrap Polisiýa bölümleriniň bilelikde guramagynda etrabyň 45-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda “Edepli ile ýarar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda etrap Bilim bölüminiň hünärmeni Şakuly Döwranow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy Jemal Bazarowa, Dänew etrabynyň Polisiýa bölüminiň Seýdi şäher Polisiýa bölümçesiniň KÝÝIBT-ň gözegçisi Bägül Şöhratowa, mekdep müdiri Nursoltan Baýramowa dagylar çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada, tertip-düzgüni berjaý etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak, tebigaty goramak, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ukyp-başarnygyňa görä hünär saýlamak, hünär öwrenmek, milliliklerimiz, türkmeniň belent adamkärçilik sypatlary, durmuş tejribesi, edeplilik ahlaklylyk ýörelgeleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Jemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.