HORMATLY ÝAŞULULARYMYZ TÜRKMEN ÝAŞLARY ÜÇIN MUKADDES MEKDEPDIR

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Hormatly Ýaşulularymyz türkmen ýaşlary üçin mukaddes mekdepdir» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar Watanymyzyň üstünliklerinde mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde hormatly ýaşulularyň watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatlarynyň hem aýratyn bellenmäge mynasypdygyny, olaryň nusgalyk göreldesi, alyp barýan wagyz-nesihat işleri ýaş nesiller üçin möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan mekdepdigini uly buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän, halkymyzy röwşen geljege, ýagty menzillere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýusup BABAKULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 10 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 68 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY