Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji gününiň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, forumyň geçişine syn berdiler. Ilki bilen, abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bu möhüm wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegi babatdaky tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Antoniu Guterriş türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň çemeleşmesine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, Awazada iri forumyň geçirilmegi bilen, bilelikdäki ileri tutulýan ugurlara, raýdaşlyga hem-de wajyp ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlygyň täze tapgyry açylýar. Maslahatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň wajypdygyny nygtap, Antoniu Guterriş geografik taýdan ýerleşişi sebäpli hiç bir ýurduň ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekdi we BMG-niň DÇBÖBD-ni goldamaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Öz nobatynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş sekretaryna maslahata gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi üçin örän wajypdyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlyklygyna saýlanylmagy dünýä bileleşigi tarapyndan bildirilýän uly ynamdan nyşandyr.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, forumyň umumy mejlisi barada habar berdi. Onda döwlet we hökümet Baştutanlary, BMG-niň ýokary wezipeli işgärleri, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ylmy toparlaryň, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň wekilleri çykyş etdiler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň giň gerimli maksatnamasy öňde goýlan maksatlaryň örän uludygyna hem-de möhümdigine şaýatlyk edýär. Esasy çäreleriň hatarynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna serediljek “tegelek stoluň” başyndaky ýokary derejeli söhbetdeşlikleriň bäşisi, parlamentarileriň, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň, ýaşlaryň, zenanlaryň wekilleriniň gatnaşmagyndaky forumlar, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy babatda ministrler derejesindäki we ulag boýunça duşuşyklar, sebitleriň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän ýörite çäreler bar. Bu forumlar maslahatyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklap, wehimleri mümkinçiliklere we ösüşe öwürmek babatda umumy ygrarlylygyň görkezijisine öwrüldi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şu maslahata diňe bir möhüm meseleleri çözmekde kömek bermek üçin binýat hökmünde däl, eýsem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen çözgütleri kemala getirmek üçin mümkinçilik hökmünde hem garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen başlangyçlara üns çekildi. Şol başlangyçlar Türkmenistanyň ählumumy derejede ösüşi üpjün etmäge anyk goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär. Şeýle hem bu möhüm çäräniň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda geçirilýändigi nygtaldy. Şu ýylda taryhy wakalaryň ikisi — BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär.
Nygtalyşy ýaly, parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak ýaly mizemez gymmatlyklar häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy meseleleriniň köpçülikleýin çözgütlerini işläp taýýarlamakda örän möhümdir. Brifingiň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu maksatnama inklýuziw jemgyýeti gurmak, ykdysadyýeti ösdürmek, infrastrukturany, bilimi kämilleşdirmek, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalara giň elýeterliligi üpjün etmek, söwda geçelgelerini ösdürmek, sebitiň çäklerinde ýakynlaşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda geljek on ýyllyk üçin bilelikdäki işiň meýilnamasyna öwrüler.
Şeýlelikde, Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän netijeli dialogyň başyny başlajak taryhy waka hökmünde baha berilýär.
turkmenistan.gov.tm
05.08.2025