Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen guralan maslahat duşuşygynda täsirli söhbetlere giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gurnalýan medeni köpçülikleýin çäreler, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek babatda uly işleriň durmuşa geçirilmeginde, bu ugurda möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmeginde işjeň hereket edýändigi, ähli işlerde halkyň isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň, başlangyçlarynyň giňden şöhlelenmeginde möhüm orny eýeleýändigi dogrusynda buýsanç bilen bellenildi, şeýle hem türkmen halkyny asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan edildi.
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.