Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdeplerde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmek, şeýle hem ýaşlara ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda bolmalydygyny ündemek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, 48-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda mekdep mugallymlaryň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýol hereketiň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramagyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem ýollaryň hereketini düzgünleşdiriji enjamlaryň, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi, ýol hereketini kadalaşdyrýan belgileriň, wideogözegçilik enjamlarynyň oturdylmagy sürüjiler hem-de pyýadalar üçin ýol howpsuzlygyny üpjün etmegiň mümkinçiliklerini artdyrýandygy, munda okuwçylaryň hem degişli düzgünleri doly berjaý etmelidigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Diýarymyzy ganatlandyran, halkymyzy baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.