YNSAN WE TEBIGAT

Bu günki gün dünýä ýüzünde ynsanlaryň saglygynyň goraglylygy barada alada öz wajyplygy bilen öňe çykýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda tebigatyň arassaçylygy bilen baglanyşykly yzygiderli alnyp barylýan işleri ynsan saglygynyň aladasy diýip hasaplamak ýerlikli bolardy. Sebäbi ekologiýanyň, daşky gurşawyň arassalygy gönüden-göni adamlaryň saglygyna özüniň täsirini ýetirýär. Daşky gurşawda ýaşaýşyň dowam etmegi bilen özgermeler ýüze çykýar. Muňa belli bir derejede ynsanlaryň hem täsiri ýetýär. Bu hadysa biziň her birimiziň oňyn tarapdan täsir etmek mümkinçiligimiziň bardygy hakynda dünýäniň tebigaty goramak bilen baglanyşykly iş alyp barýan guramalary yzygiderli çykyş edip durýarlar. Biz zemine – ene diýýäris. Şonuň üçin hem oňa perzentlik mähri bilen garamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki bu zemin, toprak biziň ýaşaýşymyz. Onuň arassalygy bolsa biziň ýaşaýşymyzyň derejesiniň görkezijisi. Alymlar biziň tebigatymyzyň soňky bir asyryň dowamynda geçen 40-70 müň ýyllaryna garanyňda, has köp özgermä sezewar bolandygyny aýdýarlar. Ine, munuň özi hem bu ýer togalagynda ýaşaýan her bir ynsany çuňňur pikirlendirmelidir. Tebigat – biziň her birimiziň öýümiz. Has dogrusy, biziň özümiz tebigatyň bir bölegi. Biziň durmuşymyz tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ekologiýanyň goragyny ösüşli menzillerimizde ýokary derejelere ýetirýän, diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Gülaýym AMANGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 2 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 3 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI