Ýakynda paýtagtymyz Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda bu ýerde zähmet çekýän mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onda çykyş edenler, ýaşlaryň watançylyk, terbiýeçilik we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ösdürmek, olaryň arasynda jemgyýetde mynasyp orny eýelejek şahsyýetleri kemala getirmek, şeýle hem ýaş nesliň terbiýesinde mugallymlaryň, ene-atalaryň hem-de jemgyýetiň wajyp orny barada çykyş etdiler. Şeýle-de çykyşlarda, ýaşlaryň sporty söýmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge, zähmetsöýerlige we watana wepaly bolmaklaryna ugrukdyrmagyň möhüm ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrda çykyş edenler, ýaş nesliň watançy, bilimli, ylymly, sagdyn hem-de ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












