Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde tassyklanan meýilnamasy esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzdaky S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler jaýynda, ady agzalan uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ilkinji nobatda herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmelidikleri, şeýle-de ýolda ýöremegiň medeniýetiniň doly we dogry berjaý edilmelidigi barada bellemek bilen, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň ýoldaky hereketiň köpelýändigini nazara alyp, köpçülik ýerlerinde we ýol hereketlerinde seresap bolmaklaryny, şahsy howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünlerini öwrenmeklerini nygtap, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.