GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň meýilnamasyndan ugur alyp, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, Aşgabat şäher PM-niň Berkararlyk etrap PB-niň KÝÝIBB-niň bilelikde guramagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur almak bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň aň-bilim, ruhy we beden taýdan ösüşini, mynasyp bilim-terbiýe almagyny, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç çäresi geçirildi.

Bu ýere gelen çagalar muzeýiň içinde saklanýan ýadygärlikler hem-de çekilen surat eserleri bilen tanşyp, olar barada özara sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülaýym AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar