Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki 75-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çykyş edenler häzirki wagtda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli watançy, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleriň durmuşa geçirilýändigini, oglanlaryň okuwyny tamamlandan soň watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmelidiklerini, watanymyzyň asudalygyny goramak her bir maşgala ojakdaky oglanlaryň borjydygyny bellediler. Şeýle-de, ýaşlaryň köçe ýol hereketleriniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmelidiklerini, ýörite niýetlenen ýerlerden geçmelidiklerini, internet torlaryny dogry peýdalanmaklary barada birnäçe çykyşlara aýratyn uly orun berildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda, abadan, parahat, erkana, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mähriban AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.