«BIZ OWAZ BILEN»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Biz owaz bilen» atly aýdym-sazly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň Saz mugallymçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ataýewa Selbinyýazyň gatnaşmagynda ýazgy edildi.

Gepleşigiň dowamynda ýaş aýdymçy tarapyndan türkmeniň milli senedi bolan dutar saz guralynda «Döneýin», «Janymyň jananasy» aýdymlaryny, mundan başga-da «Söwer ýarym», «Babajyk ýolunda», «Bilezik», «Kalbasny» aýdymlary bu gezekki gepleşige aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýazgynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän «Türkmenistan» atly aýdymy ýerine ýetirilip, ýaş aýdymçy bilen gyzykly sorag-jogaplar alyşyldy. Şeýle hem, ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Aýdym-sazly gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Oktýabr 2025 | 5 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 4 okalan

«BIZ OWAZ BILEN»

16 Oktýabr 2025 | 36 okalan

TÄZE BINADA ÝAZGY GEÇIRILDI