Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň takyk we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Mekdep okuwçylarynyň we ýaş mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda bolan duşuşykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenilişi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Ýaşlaryň hünär öwrenmegi, döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, gurmagy, döretmegi, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşmagy babatynda döredilen giň şertlerdir mümkinçilikler barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Şöhrat AKMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.