GYZLAR GURNAKLARYNYŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa gatnaşan okuwçy gyzlar özara ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan bäsleşik şertleriň üçüsinden ybarat bolup, şoňa laýyklykda bäsdeş gyzlar  öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işini, şeýle-de ýerine ýetirýän hünärleriniň aýratynlygyny şahyrana wasp etdiler, öz ýanlary bilen alyp getiren  milli lybaslaryndaky gutarylmadyk işini eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirdiler,  «Bereketli türkmen saçagy»  atly kitaby boýunça milli däp-dessurlara laýyklykda unaş kesmek bilen, saçak bezäp, tagam taýýarlanylyşyny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler.

     Gyzykly geçen bäsleşikde Gökdepe  etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň «Şatumar» gyzlar gurnagy ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňiji gyzlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Güljemal ATDAÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.

 

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1544 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY

26 Noýabr 2024 | 622 okalan

BÄSLEŞIK RUHUBELENTLIGE BESLENDI

25 Noýabr 2024 | 1945 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY