TÜRKMENISTANDA KIBERHOWPSUZLYK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMEK MAKSATNAMASY TAÝÝARLANAR

     Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.

     Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

     Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär. Bu çäre agzalan ugurda sebitdäki döwletler hem-de kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine seretmäge, tejribe alyşmaga, Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.

     Hasabatyň dowamynda sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen 2025 — 2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek barada Maksatnamany taýýarlamak teklip edildi.

     Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda döwletimiziň hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat tehnologiýalaryny goramak boýunça ulgamlaýyn alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tejribesi bilen paýlaşmak boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde sanly ulgamy goramak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de berkitmek teklip edilýär. Şunda 2024-2025-nji ýyllarda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi tarapyndan internet ulgamynda kiberterrorçylygyň öňüni almak, wajyp infrastrukturalary kiberhüjümlerden goramak ýaly ugurlarda alnyp barylýan işlere we taslamalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy maksadalaýyk hasaplanýar.

     Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen kiberhowpsuzlyk, döwlet we bank hyzmatlaryny, şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly maliýe ulgamlaryny peýdalanmakda milli hünärmenleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. Agzalan ugurlarda bu gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dürli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmegi öwrenmek, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar

 

atavatan-turkmenistan

14.09.2024ý.