«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem güýzlük däne ekişi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Etrabymyzyň ak ekin ussatlary 30 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi belent maksat tutunyp, şu günler jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Bizi begendirýän zatlaryň biri-de gallaçy kärendeçileriň we ekiji tehnikalara erk edýän mehanizatorlaryň arasynda ýaşlaryň uly toparynyň bolmagydyr. Ýaş daýhanlarymyz däne ekişini ýokary hilli alyp barmak we irki möhletde tamamlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.
Jogapkärli möwsümde gallaçylar ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär, wagtlaýyn döredilen tehniki hyzmat ediş toparlaryň hyzmaty göwnejaý ýola goýulýar. Işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegine itergi bolýar. Ekişde tapawutlanýan ýaş mehanizatorlary höweslendirip durýarys. Bu bolsa, işiň depginine oňyn täsirini ýetirýär.
Akmyrat TOÝÇYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.