Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda welaýatymyzyň bilim edaralarynda hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde täsirli çäreler geçirilýär.
«Ýol abat — il abat», «Ýaşyl yşyk», «Düzgünleri berjaý etmek borjumyz» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň esasy maksady ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegini gazanmakdan we bu ugurdaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Duşuşyklarda çykyş edýänler ýaşlara ýörite şertli belgileri görkezip, ýoluň pyýadalara niýetlenen ýerinden geçmegiň düzgün-kadalaryny düşündirýärler, gymmatly öwüt-ündewlerini aýdýarlar.
Mekdeplerde başlangyç synplaryň okuwçylary bilen degişli temalarda işjeň usulda sapaklar hem guralýar. Şol sapaklaryň barşynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri interaktiw tagtasynda ýörite şekiller arkaly köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada gürrüň berýärler. Munuň bilen baglanyşykly, okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwrediji, ýörite taýýarlanan gollanmalar paýlanylýar. Şeýle duşuşyklarda okuwçy ýaşlarda uly täsirleri galdyrýar.
Wepa ANNABERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.