GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNYŇ JOŞGUNY

     Şu gün — 27-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň dabaralary Ahal welaýatynda şatlyk-şowhuna beslendi. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Mukaddes meýdançasynda bolan baýramçylyk dabarasyna Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary hem ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Toý meýdançasynda şanly sene mynasybetli Döwlet senasy ýerine ýetirilip, Döwlet baýdagymyz al asmana göterildi.  Baýramçylyk gutlag sözleri, ýagşydan ýagşy arzuwlar aýdyldy, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa götermek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri beýan etdiler.

     Baş baýramymyza bagyşlanan dabarany welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bezedi. Sungat çykyşlarynyň her biri buýsançly zamanamyzyň belent waspy bolup, toýçy märekäniň toý şatlygyny goşalandyrdy.

 

Aýnagözel NURYÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 82 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 84 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 217 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK