ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARA

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap  Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Gökdepe» toý mekanynda medeni dynç alyş merkezinde «Ýaşuly nesil türkmen ýaşlary üçin mekdepdir» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

     Ýaşuly nesliň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen aýdym-sazly dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýurdumyzda dili senaly ýaşululara, mährem enelere goýulýan çäksiz sarpa, ýaşulularyň jemgyýetdäki orny dogrusynda gürrüň edildi. Dabarany etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bezedi. Joşgunly aýdym-sazlarda, milli öwüşginli halk döredijilik çykyşlarynda aramyzda mekdep bolup ýaşaýan ýaşululardyr mährem eneleriň waspy belentden ýetirildi.

     Ýakymly duýgulara beslenen dabaranyň dowamynda ýaşuly nesilleriň wekillerine baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Indiki makala

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1536 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY

26 Noýabr 2024 | 614 okalan

BÄSLEŞIK RUHUBELENTLIGE BESLENDI

25 Noýabr 2024 | 1941 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY