ABRAÝLY ÝARYŞYŇ ALTYN MEDALY

     Türkmen türgeni Şahzadbek Matýakubow Ispaniýanyň Leon şäherinde tamamlanan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medal gazanmagy başardy. Şeýle hem ol dünýä rekordyny goýdy. 102 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz silterläp götermekde 175 kg netije görkezdi. Itekläp götermekdäki dünýä rekordyny 1 kilogram täzelän (216) ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 391 kg netije görkezip, dünýä çempiony boldy. Bu agram derejesinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde braziliýaly Mateus Pessanýa (383 kg) bilen müsürli Mahmud Hosni (369 kg) eýelediler. Bu ýaryşda Anamjan Rustamowa hem silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Ol 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 103 kilogram netije görkezdi we üçünji orny eýeledi.

     Dünýä çempionatynda 67 ýurtdan 350-den gowrak türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.

 

turkmenmetbugat.gov.tm

27.09.20224ý.