TÜRKMEN FUTBOLÇYLARY «AZIÝANYŇ KUBOGY 2027-NIŇ» SAÝLAMA TAPGYRYNDA ÝEŇIŞ GAZANMAGA MÜMKINÇILIKLERINI SAKLAP GALÝARLAR

Öň habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» üçünji saýlama tapgyrynda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» jemleýji tapgyry ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň duşuşygy Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirildi.

Soňky 22 ýylyň dowamynda Şri-Lankanyň ýygyndy topary türkmen futbolçylary üçin ýeňil garşydaş hasap edilýärdi. Bu ýagdaý, 2003-nji ýyldan bäri milli ýygyndy toparlaryň derejesinde bu toparlaryň arasynda geçen duşuşyklaryň taryhynda hem görünýär. Aziýa Kubogynyň häzirki saýlama ýaryşyna çenli garşydaşlar resmi duşuşyklarda alty gezek bäsleşdiler. Olaryň bäşisinde türkmenistanlylar üstün çykdylar we bir gezek hem pökgi geçirmediler: 2004-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda – 1:0 we 3:0; 2006-njy ýylyň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda (öz meýdançasynda) – 2:0; 2022-nji ýylyň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda (myhmançylykda we öz meýdançasynda) – 2:0, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Diňe bir gezek – 2004-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Şri-Lankanyň paýtagtynda geçirilen 2006-njy ýylyň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýun hasaba alyndy.

Şol deňme-deň netijeden takyk 21 ýyl soň 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary Kolombo şäherinde ýene duşuşdylar, ýöne bu gezek «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» üçünji saýlama tapgyrynyň çäginde. Bu gezek garşydaşyna ýeňiljek hasap edip, Röwşen Meredowyň şägirtleri köp hünärmenleri haýrana galdyryp, anti-rekord goýdular – FIFA-nyň görkezijisinde 197-nji orny eýeleýän toparyna 0:1 hasabynda ilkinji gezek utuldylar we munuň bilen «D» toparçada «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» jemleýji tapgyryna ýeke-täk ýollanma ugrundaky göreşlerini kynlaşdyrdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary indi ýalňyşmaga haky ýokdugyna düşünip, jogap duşuşygynda berk ynam bilen meýdana çykdylar. Meýdançanyň eýeleri ilkinji minutlardan başlap, başlangyjy öz ellerine aldylar, ýöne arakesmä çenli oýun artykmaçlygyny amala aşyryp bilmediler. Myhmanlar bolsa, öz gezeginde ýiti garşylykly hüjümler bilen jogap berdiler, olaryň birinden soň 32-nji minutda pökgi derwezäniň sütünine degdi.

Ikinji ýarymda Türkmenistanyň ýygyndy topary meýdana täze hüjümçi bilen çykdy: Daýanç Meredowyň deregine meýdançada «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew peýda boldy, ol toparyň hüjüm güýjüne has uly ynam berdi. Gysga wagtdan soň ilkinji gol hem boldy. 52-nji minutda ýygyndynyň kapitany Elman Tagaýew goragçysyndan sypyp, jerime meýdançasynyň daşyndan çep aýagy bilen pökgini aşakdan, derwezäniň sag burçuna ajaýyp urgusy bilen ýollady.

Bäş minutdan soň, Altymyrat Annadurdyýewiň kellesi bilen uran urgusyndan soň derwezeçi Sujan Pereradan yzyna gaýdan pökgini Mekan Saparow ýakyn aralykdan derwezä urup, hasaby iki esse artdyrdy.

Mundan soň, duşuşygyň ykbaly çözülen ýaly boldy. Ýöne beýle bolmady. 65-nji minutda Şri-Lankanyň ýygyndy topary Dillon De Silwanyň ýiti burçdan uran urgusyndan soň, Güýçmyrat Annagulyýewiň aýagyndan rikoşet bolmagy netijesinde hasaby tapawudyny kemeltdi.

79-njy minutda şri-lankalylar De Silwanyň jerime meýdançasyna girip, aşakdan eden dogry urgusyndan soň oýny halas etmäge hakyky mümkinçiligi elden gidirdiler, ýöne derwezeçi Resul Çaryýew howply pursaty ýok etdi. 83-nji minutda bolsa türkmenistanlylar üçünji pökgini geçirmäge ajaýyp mümkinçilik döretdiler: Altymyrat Annadurdyýew Welmyrat Ballakowa topy geçirip, ol bolsa jerime meýdançasynyň çäklerinden aşakdan, sag burça pökgini urdy, ýöne derwezeçi böküp, ony derwezä goýbermedi.

Iki minutdan soň, ikinji ýarymda oýna giren Oliwer Kelaart jerime meýdançasynyň çäklerinden has howply, derwezäniň aşaky tarapyna urdy. Ýöne bu pursatda hem Resul Çaryýew ajaýyp böküp, urgyny yzyna gaýtaryp, ygtybarly oýun görkezdi. Goşulan wagtda, 93-nji minutda bolsa ussatlygyny görkezmek nobaty derwezeçi Sujan Perera geldi, ol Welmyrat Ballakowyň jerime meýdançasynyň daşyndan uran iki sany güýçli urgusyny we Mirza Beknazarowyň birnäçe metrden uran urgusyny yzyna gaýtardy.

Saýlama tapgyrynyň myhmançylykdaky duşuşygynda ýeňliş üçin Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan rewanş alyp, türkmen futbolçylary «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» jemleýji tapgyryna gitmek mümkinçiligini saklap galdylar. Dört tapgyrdan soň olar 9 utuk topladylar. Şol bir wagtyň özünde, Tailandyň ýygyndy toparynyň hem hasabynda 9 utuk boldy. Olar bu tapgyrda Taýpeýiň Munisipal stadionynda 4563 tomaşaçynyň gatnaşmagynda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparyny 6:1 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdiler. Ýeňijilerde Tisarak Poeýfimaý üç gol geçirdi (4-nji, 62-nji we 76-njy minutlar), Seksan Ratri (25-nji minut), Supaçok Saraçart (45+1) bir gezek tapawutlandylar. Ýene bir pökgini meýdança eýeleri Huan Szy-miniň (90+3) awtogoly arkaly öz derwezelerine geçirdiler. Ýeňlenleriň düzüminde Kuo Po-weý (46-njy) hormat goluny tora saldy.

«D» toparçada üçünji orny 6 utuk bilen Şri-Lankanyň ýygyndy topary eýeleýär. Ýaryş tertibini bolsa, heniz utugy bolmadyk Hytaý Taýpeýiniň topary jemleýär.

Bu topardan «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» jemleýji tapgyryna ýollanmany kim aljakdygy galan iki tapgyrda belli bolar. Şol tapgyrlarda türkmen futbolçylary 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Arkadag şäherinde Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparyny kabul ederler, 2026-njy ýylyň 31-nji martynda bolsa myhmançylykda Tailandyň ýygyndy topary bilen duşuşarlar.

Saýlama tapgyryna 6 toparça bölünen 24 topar gatnaşýar. «Aziýanyň Kubogy 2027-niň» jemleýji tapgyryna ýollanmalary birinji orunlary eýelän toparlar alarlar.

turkmenistan.gov.tm