SPORTUŇ GÜNDELIK DURMUŞYMYZDAKY ÄHMIÝETI

Häzirki wagtda sport gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ynsan saglygy, onuň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesi sagdyn iýmitlenmek, hereketlilik, bedenterbiýe we sport bilen berk baglydyr. Sport adamyň beden güýjüne we ruhy kämilligine oňyn täsir edýär. Bedenterbiýe we sport adam bedeniniň hemmetaraplaýyn dogry ösmegine ýardam edýär we ony has-da berkidýär. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek-damar ulgamyny berkidýär, dem alyşy gowulandyrýar we immuniteti güýçlendirýär.

Sport — tertibiň, jogapkärçiligiň we özüňe ynamyň özenidir. Sport adamda ruhubelentligi, maksada okgunlylygy we ýeňşe bolan ymtylmany kämilleşdirýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. Döwletimiziň ähli künjeklerinde ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin döwrebap sport desgalary, tennis we sport meýdançalary gurlup ulanylmaga berilýär.

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda giňden bellenilip, bedenterbiýe we sport çäreleri, welosipedli ýörişler geçirilýär. Bütin dünýäde biziň ýurdumyz “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany” hökmünde ykrar edilýär. Bularyň hemmesi sagdyn nesilleri kemala getirmekde hem-de döwletimiziň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramakda, milli sporty halkara derejesine çykarmakda uly ähmiýete eýedir.

Döwletgeldi GUWANJOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar