AZIÝANYŇ TENNIS FEDERASIÝASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDA TÜRKMENISTANDA TENNISIŇ ÇALT MEŞHURLYK GAZANÝANDYGYNY BELLÄP GEÇDILER

Dört günüň dowamynda Almatyda Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) ýyllyk Baş Assambleýasynyň we dolandyryjylar geňeşiniň mejlisi bolup geçdi. Bu çärelere wise-prezidentiň wezipesini Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowyň eýeleýän guramasyna agza 36 ýurduň wekilleri gatnaşdy.

ATF-nyň Baş Assambleýasy Aziýanyň milli tennis assosiasiýalaryny birleşdirýän guramanyň iň ýokary dolandyryş edarasydyr. 1958-nji ýylda döredilen Aziýanyň Tennis federasiýasy girdeji gazanmaýan gurama bolmak bilen, Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) agzasydyr.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň habar bermegine görä, kontinental forumda Türkmenistanda tennisiň meşhurlygynyň çalt ösýändigi bellenip, bu meşhur Olimpiýa sportunyň ösmegine goldaw berenligi üçin ýurduň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirildi we şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» derejesini gazanan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) «Level 2» derejesindäki sebitleýin tälimçilik okuwlarynyň guralyşyna ýokary baha berildi.

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyna «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylandygyny ýatladýarys.

Şeýle hem, ATF-nyň ýolbaşçylygy türkmen tennisçileriniň halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýanyň 12 ýaşa çenli (U12) we 14 ýaşa çenli (U14) ýetginjekleriň arasyndaky çempionatlarynda, şeýle hem Billi Jin Kingiň Kubogynda üstünlikli çykyş edendiklerini belläp geçdiler.

Gazagystana iş sapary wagtynda türkmen wekiliýeti Almatyda geçirilen abraýly «ATP 250» ýaryşyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýaryşda Daniil Medwedew, Karen Haçanow we beýlekiler çykyş etdiler.

17 – 20-nji oktýabry aralygynda Almaty şäherinde geçiriljek bäsleşigiň çäginde «Tennis hereket etdirýär – bedenterbiýe goldaýar» atly okuw maslahaty geçiriler. Bu okuw maslahata tejribelerini we başarnyklaryny artdyrmak üçin, türkmen tälimçileri-de gatnaşarlar.

Halkara tennis federasiýasynyň öňdebaryjy hünärmenleri: Ýelena Rybakina, Sten Wawrinka, Holger Rune we dünýä derejesindäki fitnes tälimçisi Dario Nowak, şeýle hem ITF-niň «Level 2» hem-de «Level 3» derejesindäki okuwlaryny alyp baryjy mugallym we Ýewropada tennisi ösdürmek boýunça 17 ýyllyk iş tejribesi bolan Hrwoýe Zmaýiç dagy leksiýa okarlar.

Bu okuw maslahatynyň maksady tennis we fitnes tälimçileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etmek, şeýle hem iň ýokary oýunçy netijelerini gazanmak üçin, tennis bilen baglanyşykly fitnes maksatnamalaryny işläp düzmekdir.

turkmenistan.gov.tm