TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY

     Şu gün Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

     Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

     ...Ir bilen Garaşsyzlyk seýilgähinde, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň özboluşly nyşany bolan beýik binagärlik toplumynyň öňünde ildeşlerimiz, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlar ýygnandylar. Güýzüň mylaýym şemalynda parlaýan baýdaklar, dürli reňkdäki gül desseleri bu ýere ýygnananlaryň kalbynda buýsanç we watançylyk duýgularyny döretdi.

     Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Ýadygärlik toplumynyň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

     Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygyndan ýöreýär. Onuň ugrunda edermen Watan goragçylary — merdana pederlerimiziň beýik şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirijiler nyzama düzüldi.

     Taryhy hakyda döwletliligimiziň binýadydyr. Ata-babalarymyzyň “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýen parasatly sözlerine eýerýän halkymyz asyrlarboýy ýaş nesli öz taryhyna hormat goýmak ruhunda terbiýeläpdir. 33 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny gazanan ýurdumyz täze döwre gadam basdy. Munuň özi biziň häzirki üstünliklerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň berk binýadyna öwrüldi.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baş baýramyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris.

     Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyza parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýýar. Bu ajaýyp güller merdana ata-babalarymyzyň halkymyzyň erkinligi hem-de Garaşsyzlygy ugrunda köpasyrlyk göreşlerde görkezen edermenligine baky hormat-sarpany alamatlandyrýar.

     Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular. Biraz wagtdan ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança halkymyzyň watançylyk duýgularyny alamatlandyrýan ajaýyp güllerden boglan çemenlere beslendi.

     Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

     ...Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.

 

TDH

27.09.2024ý.