AÝDYM-SAZLY SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Eziz Diýarymyzda bolup geçýän şanly wakalar mähriban halkymyzy, biz ýaşlary täze üstünliklere tarap ruhlandyryp, ýagty ertirlere bolan ynamymyzy has-da artdyrýar. Ine, şeýle taryhy ähmiýetli syýasy wakalaryň biri-de ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegidir. Umumymilli forumda ähli ugurlarda gazanylan üstünlikler, alnyp barylan işler dogrusynda, şeýle hem, öňde duran möhüm wezipelere garaldy.

     Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Pederleriň mirasy – nesillere görelde» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Akmyrat Babaýew, Allaguly Berdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty Ýazgeldi Çaryýew hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi Arslan Bäşimow dagylar täsirli çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaş nesilleri milli gymmatlyklara, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda terbiýelemekde, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, şöhratly taryhymyzyň, arheologik, binagärlik ýadygärliklerimiziň ähmiýeti, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler, geçirilen ylmy-barlaglar dogrusynda ylmy maglumatlara esaslanyp, giňişleýin gürrüň berdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

     Türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, medeni gymmatlyklaryny hem-de baý mirasyny düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda, şeýle-de wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri çykyşlaryň her birinde buýsanç bolup ýaňlandy.

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň

bölüm redaktory.