ÝUNESKO TARAPYNDAN ARKADAG ŞÄHERINE TÄZE HALKARA GÜWÄNAMA BERLER

     Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy.

     Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

     Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda-da halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Arkadag şäherinde nobatdaky Wena balyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bolsa täze şäheriň dünýä ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini tassyklaýar.

     TDH-nyň habar berşi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi.

     Bellenilişi ýaly, munuň özi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan Türkmenistanda bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

     Şeýle-de iş maslahatynyň dowamynda täze şäherde alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk, Arkadag şäherindäki giň möçberli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda edilýän tagallalar barada hasabatlar berildi.

     Gahryman Arkadag täze şäherde geçiriljek halkara çärelere, şol sanda Bitaraplyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolmalydygyny belläp, meýilleşdirilen çärelerde Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, bu ýerde alnyp barylýan işleriň geriminiň we ähmiýetiniň, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak çäresine, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi bellenildi.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar