Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Dutar – medeni diplomatiýanyň özboluşly guraly” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmen milli gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy ýaşlara wagyz-nesihat etmek maksady bilen guralan bu çäre Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-niň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, işjeň agzalary hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligininiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizenligi barada giňişleýin belläp geçdiler.
Asyrlaryň dowamyndan bäri dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserinde hem dutaryň aýratynlyklary barada giňişleýin bellenip geçilýär.
BMG-niň abraýly halkara düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalary örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, ýurdumyzda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýaşlary ählitaraplaýyn kämilleşdirmek, olary parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ösdürmekde esasy kuwwata öwürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.