Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda işjeňliginiň yzygiderli artmagy hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we anyk işlenilip düzülen syýasatynyň netijesine öwrülýär. Şunda BMG-niň düzümine girýän iri halkara guramalarynyň howandarlyk etmeginde türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen yzygiderli gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
ÝUNESKO dünýäniň geljegi üçin zerur bolan bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we aragatnaşygyň görnüşleri barada geljege gönükdirilen barlaglary alyp barýar. Ylmy barlaglara, hünärmenleri taýýarlamaga we okatmaga daýanmak bilen bilimleri ilerletmegi, bermegi we alyşmagy guraýar. Halkara resminamalaryny hem-de ýerine ýetirilmegi hökmany hödürnamalary taýýarlaýar we kabul edýär. Agza döwletleriň bilermenlerine ösüş syýasatyny kesgitlemekde we taslamalary taýýarlamakda tehniki hyzmatdaşlyk etmekde hyzmatlaryny hödürleýär, ýöriteleşdirilen maglumatlaryň alyş-çalşygyny guraýar. Medeni mirasy goramak bu guramanyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. 1972-nji ýylyň 16-njy noýabrynda medeni we tebigy mirasy goramak barada ÝUNESKO-nyň Konwensiýasy kabul edildi. 1976-njy ýylda Bütindünýä mirasy komiteti döredildi. 1978-nji ýylda onuň sanawyna ilkinji çäk bitewiligi girizildi.
Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna Türkmenistan 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda goşuldy. Häzirki wagtda Aşgabatda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli iş topary işjeň hereket edýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Bütindünýä mirasynyň düzüm bölegi hökmünde ykrar edilmegi taryhy-medeni miras bolan transmilli gymmatlygyň ähmiýetini barha artdyrýar. Munda üstünden kerwen ýollary geçen Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletler çykyş edýär. Gadymy geçmişde Dehistan, Nusaý, Abywerd, Sarahs, Merw, Amul, Gürgenç (Köneürgenç) ýaly irki türkmen şäherlerini Otrar, Buhara, Hyrat, Balh, Maşat, Tähran ýaly daşarky söwda merkezleri, şeýle hem demirgazykda ýerleşen Altyn Ordanyň şäheri bilen birleşdirilen ugurlaryň onlarçasy kesgitlendi. Bu ýollaryň ugrunda ýerleşen şol döwrüň kerwensaraýlary, galalary, metjitleri, köprüleri Beýik Ýüpek ýoly diylip atlandyrylýan taryhy gymmatlygyň hataryna girizildi. Gadymy Merwiň, meşhur Köneürgenjiň we Parfiýanyň paýtagty Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi has-da buýsandyryjydyr. Şeýle-de, türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun aldy. Mundan başga-da, “Türkmeniň keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” we “Molla Ependiniň şorta sözleriniň gürrüň berijilik däbi” ýaly milli gymmatlyklarymyz maddy däl medeni mirasyň görnüşlerine goşuldy.
Biziň topragymyzda öz yzyny galdyran ýüzleçe nesilleriň durmuşyny beýan edýän ýadygärliklere bolan garaýyş adamlaryň medeni derejesiniň we olaryň geçmişe sarpa goýmagynyň görkezijisi bolmak bilen bir hatarda, döwletiň ösüşiniň hem derejesidir. Hut döwletiň taryhy baýlyklara gatnaşygy, onuň köp asyrlyk mirasy gorap saklamak ukyby ýurduň ösendigini we halkara giňişligindäki abraýyny kesgitleýär. Biziň üçin taryhy-medeni gurşaw jemgyýetiň häzirkizaman durmuşynyň aýrylmaz bölegidir, onuň ösüşiniň gözbaşydyr. Geçmişiň geljek bilen aýrylmaz baglanyşygydyr, halkyň ruhy taýdan galkynyp, kämilleşýän taryhy giňişligidir. Munuň özi, medeni mirasy gorap saklamakda, ylmy gözlegleri we gündelik iş tejribeleri artdyrmakda, taryhy ýadygärlikleri öwrenmekde we dikeltmek babatda dünýä tejribesini öwrenmekdir hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmekdir.
Altyn HOJAMOWA,
TOHI-niň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.