Täze taryhy döwürde ýurdumyzda pederlerimizden gelýän gadymy itşynaslyk däplerine uly hormat-sarpa goýulýar hem-de türkmen alabaýlarynyň tohumyny has-da kämilleşdirmek babatda ajaýyp işler durmuşa geçirilýär. «Alabaýlar türkmen halkynyň buýsanjy, wepaly hemralary bolup durýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga berýän ünsi ulus-ilimizi begendirýär, guwandyrýar.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi, Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalarynyň çäginde, aýlawly awtomobil ýolunyň çatrygynyň merkezinde «Türkmen alabaýy» heýkeli guruldy, Gahryman Arkadagymyz alabaý itlerimize bagyşlanan «Türkmen alabaýy» atly kitabyny ýazdy. Bu zatlaryň özi milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýynyň şan-şöhratynyň dabaralanýandygyny görkezýär.
2019-njy ýylda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň gurlup ulanmaga berlendigini bellemek diýseň ýakymlydyr. Bu toplumda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek üçin giň şertler bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli taryhy-medeni mirasymyzy goramak, türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak babatda taýsyz tagalla edýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň belent maksatly tutumly işlerinde üstünlikler mundan beýläk-de ýaran bolsun!
Wepa ANNABERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.