Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri, onda kabul edilen çözgütleri halka ýetirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Etrabymyzyň ähli ýerinden köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşykda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrülendigi barada täsirli gürrüň edildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatyndaky taryhy çykyşlarynyň halkymyzda uly gyzyklanma döredendigi hakdaky aýdylanlar uly täsirleri döretdi.
Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.