PARAHATÇYLYGYŇ MEKANYNDA HALKARA MADDY DÄL MEDENI MIRAS GÜNI BELLENILÝÄR

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 31 ýylyň dowamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda üstünliklere beslenýän her bir güni halkymyzyň hakydasynda aýratyn orun tutýar. Sebäbi, 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilen ata Watanymyz ÝUNESKO sary uzaýan ýollarymyzda il-günümiziň apalap saklan milli gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi, olara dünýäniň ünsüni çekmegi başardy. Bu milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi bolsa maddy däl medeni mirasdyr.

     Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýa ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy tarapyndan 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda medeni dürlüligi üpjün etmekde we durnukly ösüşi kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan medeni mirasyň ähmiýetini göz öňünde tutup kabul edildi. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Bu ugurly alnyp barylýan işleriň binýadynyň berk bolmagy üçin milli kanunçylyk namalarynyň mazmunyny işläp, 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň №187-V belgili Karary esasynda kabul edilen Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunynyň doly derejede hereket etmegini ýola goýdy.

     Şonuň bilen bir hatarda Konwensiýa gatnaşyjy döwletler we janly mirasy goramaga gatnaşýan ähli gyzyklanýan taraplar üçin janly mirasyň hemmelere degişlidigini bellemek üçin, ony ýaşlara giňişleýin wagyz etmek üçin her ýylyň 17-nji oktýabrynda ÝUNESKO agza döwletlerde bellenilýän Halkara Maddy däl medeni miras gününi hem mynasyp belläp geçýär.

     Ýurdumyzda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Kluby ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylygynda bu halkara güni ýurdumyzyň ÝUNESKO Klublarynyň işjeň agzalarynyň, ýolbaşçylarynyň we dilçi ýaşlaryň gatnaşmagynda giň mazmunly sergileriň, günüň maksadyny düşündirýän duşuşyklaryň esasynda belläp geçdi. Halkara Maddy däl medeni miras gününiniň esasy ýörelgelerini we maksadyny bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly kitaplarynyň mazmunynda giňişleýin beýan edilýän, mukaddes ündewleri arkaly wagyz edilýän toý däp-dessurlarymyz, asyrlara ýaň salýan saz sungatymyz, häzirki güne çenli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň esasynda açyp görkezip, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar.

     Maddy däl medeni mirasa düşünmek we ony gorap saklamak örän möhümdir, çünki, ol biziň şahsyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar we taryhymyzy, häzirki zamanymyzy hem-de geljegimizi şöhlelendirýär. Bu janly miras nesilden nesle geçirilip, jemgyýeti dowamlylyk duýgusy bilen üpjün edýär we medeni köpdürlilige hem-de adamyň ugurtapyjylygyna goýulýan sylag-hormaty wagyz edýär. Şonuň ýaly-da ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamaga, olary goramaga, dikeltmäge, giňişleýin ýaýrawyny üpjün etmäge uly höwes döredýär.

     Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda watançy ýaşlary bir ýere jemlän bu çäre Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerinden ugur alyp, türkmen halkynyň özboluşlylygyny, medeni taýdan köpdürliligini we durnukly ösüşiniň kepilini üpjün etmegiň şerti hökmünde milli maddy däl medeni mirasyň ähmiýetiniň wajyplygyny, şonuň ýaly-da milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri bilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň arasyndaky ysnyşykly özara baglanyşygyň hasaba alynýandygyny, olary gorap saklamagyň üpjün edilmegine işjeň gatnaşmagy, geljekki nesillere geçirmekde we dikeltmekde, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda bu gymmatlyklara has çuň akyl ýetirilmegiň zerurdygyny professor mugallymlar we Klubyň işjeň agzalary giňişleýin wagyz etdiler. Milli maddy däl medeni mirasyň döwletiň içinde, şeýle hem bütin dünýäde adamlaryň arasynda ýakynlaşmaga we özara düşünişmäge ýardam edýän şert hökmünde bahasyna ýetip bolmajak ornunyň bardygyny aýdyp, onuň esasy taglymat binýadynyň alym we Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde, parasatly kitaplarynda jemlenendigini buýsanç bilen bellediler.

     Halkara Maddy däl medeni miras gününiň täsirliliginden, mazmuna baýlygyndan ylhamlanan ýaşlar özleri üçin edilýän taýsyz tagallalary üçin Milli Liderimize we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny we sagbolsunlaryny aýtdylar. Türkmenistan – ÝUNESKO: diýardan ýaýraýan ýollaryň bolsa diňe üstünliklere beslenmegini arzuwlap, Halkara günüň şanyna milli tans sungatymyz, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Küşdepdi tans sungatymyz bilen, Watanymyzy wasp edýän gazallary bilen çäräni jemlediler.

 

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

“Parahatçylyk dilleri” atly

ÝUNESKO Klubynyň  başlygy.

Meňzeş habarlar