Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet barada guramasynyň (ÝUNESKO) Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresini gurady. Söhbetdeşligiň dowamyndaky 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýeti baradaky çykyşlar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Onda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan bellenilýändigi, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusyndaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.
Arazgül MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.