Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mekdep okuwçylarynyň arasynda guralýan «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.
Uniwersiada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde gurnamagynda geçirilýär. Ýaryşyň maksady ýurdumyzda sagdyn ruhly, berk bedenli watansöýüji ýaşlary taýýarlap ýetişdirmekden ybaratdyr.
XIV Uniwersiadanyň maksatnamasyna sportuň suwda ýüzmek, ýeňil atletika, stol tennisi, küşt, bilýard, sambo, badminton, woleýbol, futbol, futzal, gandbol, basketbol, boks, grek-rim göreşi, erkin göreş, dzýudo, karate-do, welosiped sürmek we beýleki görnüşleri girýär.
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Bu bolsa türkmen türgenleri üçin halkara ýaryşlara taýýarlygyň bir tapgyry bolup durýar.
atavatan-turkmenistan
18.10.2024 ý.