AHALTEKE BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

     Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda sebitde ilkinji “akylly” – Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy, halkymyzyň baý mirasyna Ýer ýüzünde gyzyklanmanyň barha ýokarlanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

     Ýokary derejede geçirilen bu çärede myhmanlar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň foýesinde behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk, zergärçilik sungatynyň sergisini synladylar. Bu sergide behişdi bedewlerimize degişli ençeme şaý-sepler, eýer-esbaplar, şekillendiriş sungatyna degişli eserler dabara gatnaşyjylarda örän uly täsir galdyrdy.

     Soňra «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň açylyşy boldy. Dabarany Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa alyp bardy.

     Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde 2023-nji ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada yglan edildi we ýurdumyzyň teklibi bu toparyň 24 agza döwletiniň ählisi tarapyndan biragyzdan goldandy. Resminamalar ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan “Türkmen Atlary” Döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň ýardam bermeginde taýýarlandy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli gymmatlygymyz bolan gamyşgulak, ýelden ýyndam, wepaly, owadan ahalteke atlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýtdylar.

 

Söýenç AHMEDOW,

Aba Annaýew adyndaky Halkara

atçylyk akademiýasynyň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar