MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ ÖSÜP GELÝÄN ÝAŞ NESILLERI MEDENI, RUHY WE AHLAK TAÝDAN TERBIÝELEMEKDE EÝELEÝÄN ORNY

     Türkmeniň beýik akyldary, şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy akyldar şahyr Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmedir. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär. Onuň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän ajaýyp eserleri düýnki, şu günki we geljekki nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Türkmen kalbynyň owazyny ene dilinde ýugrup, öz halkyna beren, türkmeni bir döwletlilige ilkinji bolup çagyran beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, Eýran, Owganystan, Wengriýa, Angliýa ýaly dünýä ýurtlarynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy.

     Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýjüň, kuwwatyň we abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şygyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Ol öz şygrynda kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly asylly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesýet edilýär. “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýmek bilen, edeplilik, sylag-hormat wagyz edilýär. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.

     Magtymgulynyň watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol Watany wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi hökmünde ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.

     Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bitewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar. Dana şahyrymyzyň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

     -diýip, berkarar döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar Türkmen döwleti öz häzirki Bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly atamyz şamçyrag bolup şugla saçýar.

     Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

     2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede, giňden bellenilmegi beýik şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň Parižde geçirilen 216-njy mejlisiniň dowamynda   Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy” ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem  agzalan mejlisde «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy» 2024-2025-nji ýyllarda bu Gurama bilen bilelikde bellenjek şanly seneleriň sanawynda mynasyp orun tapdy.

     «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy, oňa bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitaby Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygyny görkezýär.

     Akyldar şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär we ýüreklerde müdimilik orun alýar.

 

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar