GUGA ÇIGILDEMI

     Biziň ýurdumyzyň çäklerinde çigildemleriň 16 görnüşi ösýär. Olaryň birnäçesi örän seýrek duş gelýärler hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

     Guga çigildemi örän owadan bolup, ol Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdagyň boýy 45sm. ýetýän endemiki ösümligidir. Bu çigildem ilatly obalaryň golaýynda örän seýrek duş gelýär, ýöne barmasy kyn bolan ýerlerde onuň sany häzirlikçe durnuklylygyny saklaýar. Olar çigildemler tohumyndan we sogana meňzeş  düýplerinden köpelýärler. Birinji ýagdaýda ol 4-6 ýaşynda gülleýär, egerde düýbünden köpelse, 2-3 ýyldan soň gülleýär.

     Gyzyl kitaba girizilen Guga çigildemlerine yzygiderli gözegçilik geçirilýär, olaryň tebigy taýdan köpelişi, biologiki we ekologiki görnüşleri öwrenilýär, ösýän ýerleriniň täze çäkleri gözlenilýär. Olaryň esasy ýaýran ýeri Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda jemlenendir. Çigildemiň bu görnüşi örän ýokary ýerlerde gögermeýär, ol dagyň orta zolaklarynda ösmegi hem-de gyrymsy ösümlikleri we selçeň arça tokaýlygyny gowy görýär. Guga çigildemi bary-ýogy 10-12 günüň dowamynda gülleýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 617 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4816 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY