MAGTYMGULY PYRAGY – ASYRLARYŇ PAÝHASY

     Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp eserleri bilen diňe bir türkmen edebiýatyna däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň ösüşine-de saldamly goşant goşan akyldar şahyr. Çünki dana şahyryň döredijilik dünýäsinde halkymyzyň milliligi şugla saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna goýulýan sarpa has-da belende galdy. Munuň şeýledigine, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şanyna tutulýan dabaralaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejesinde hem giň gerime eýe bolýar. Ine şeýle maslahatlaryň ýene biri şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariýatynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy – asyrlaryň paýhasy» ady bilen geçirildi.

     Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sebitara onlaýn maslahata türki döwletleriniň görnükli magtymgulyşynas alymlary gatnaşdylar. Türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilen maslahatyň maksady döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanyşygyna öwrülen akyldaryň eserleriniň many-mazmuny bütin dünýä giňden wagyz etmekden ybarat boldy. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli görkezilen wideoşekile tomaşa etdiler.

     Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M. Çaryýewiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň başlygy O.Berdiliýewanyň, hem-de ýurdumyzyň magtymgulyşynas alymlarynyň çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem maslahatda Azerbaýjan Respublikasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň bölüm müdiri T.Talibowa, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda hereket edýän «Pyragy» halkara žurnalynyň baş redaktory B.Nyýazyý,  Gazagystan Respublikasynyň L. Gumilýow Ýewraziýa Milli Uniwersitetiniň professory K.Kenžaliý, Gyrgyzystan Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi  A.Akmataliýew  Özbegistan Respublikasynyň Alişir Nowaýy adyndaky  Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty institutynyň kafedra müdiri, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi B.Karimow, Täjigistan Respublikasynyň Mejlisiniň  parlament etikasy boýunça komissiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň we «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" atly ýubileý medalynyň eýesi F. Barotzada, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň dosenti N.Güder dagylar onlaýn arkaly çykyş etdiler.

     Çärä gatnaşanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirlendir. Şahyryň eserleriniň dünýäniň köp dillerine terjime edilip, dünýä edebiýatynyň muşdaklarynyň köňüllerini awlamaga çykmagynyň hem uly ähmiýeti bar. Dünýäniň köp ýurtlaryndaky okyjylar akyldaryň eserleriniň üsti bilen halkymyzy, edebiýatymyzy, medeniýetimizi hem tanaýarlar. Magtymgulynyň şygyrlarynyň täze terjimeleri häzirki günde ýurdumyzda edebi mirasymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda edilýän aladanyň hem aýdyň mysalydyr.

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň baý edebi mirasyny bütin dünýä ýaýmak ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 1077 okalan

KALBYMYZ JOŞ ALÝAR

29 Noýabr 2024 | 451 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 170 okalan

ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY