GUNÇA GÜLÜSTANDYR ÜSTI BEDEWIŇ

     Adamlar atly gezelenç etmegiň diňe bir wagtyňy gowy geçirmegiň däl, eýsem bedeni köp keselden bejermegiň hem-de daşky keşbiňi gözelleşdirmegiň serişdesidigi bilen, lukmançylygyň atasy saýylýan Gippokratyň döwründe habarly bolupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri ahalteke bedewini toý güni şatlygyny, gamly güni gussasyny paýlaşýan syrdaşy saýýan türkmen halkymyz, oňa aýratyn uly hormat bilen garapdyr. Türkmeniň gündelik durmuşynda hem-de ruhy dünýäsinde giň orun alan  bedewiň jana şypa beriji, köňül joşduryjy täsirini nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi özüniň «Üsti bedewiň» atly goşgusynda çeper beýan edipdir:

Bedew münen hassa bolsa, sag olur,

Çeşmi hyra olur, keýpi çag olur,

Köňli hup açylan täze bag olur,

Gunça gülüstandyr üsti bedewiň.

     Lukmançylyk ulgamynda atly gezelenjiň adam bedenine şypa beriji täsiri «ippoterapiýa» diýlip atlandyrylýar. Ippoterapiýa at üstündäki bejeriji gimnastikadyr. Ol mümkinçilikleri çäkli adamlaryň saglygyny dikeltmegiň innowasion usullarynyň biri bolup hyzmat edýär. Adaty saglygy dikeldiji bejergiler bilen deňeşdirilende, ippoterapiýa artykmaçlyklar mahsusdyr. Ippoterapiýa adam bedenine umumy täsirini ýetirýär. Şonuň üçin-de, bu usul dürli keselleri bejermekde ýörgünli ulanylyp, bu hereket etmek mümkinçiligi çäkli adamlaryň fiziki ýagdaýynyň gowulanmagyna, kähalatlarda, saglygynyň doly dikeldilmegine ýardam edýär. Atlar hem-de olaryň adam bedenine ýetirýän oňyn täsiri hakynda maglumatlardan ýüki ýetik ýaşulularymyz ata münen adamyň özüniň howalasy belent, göçgünli hem ruhubelent ýagdaýda duýýandygyny gürrüň berýärler. Bu bolsa, adamyň sagdyn bolmagyna düýpli täsir edýär. Ata-babalarymyz at münüp ýören adamyň bedenine düşen tyg ýarasyndan ýa-da ýolugan näsagyň beýleki adamlara garanyňda, tiz sagalýandygyny nygtapdyrlar. Aty synlamak, at çapyşygyna tomaşa etmek adamyň höwesini artdyryp, şähdini açýar. Gaýgylaryny ýatdan çykarmaga, gowy dynç almaga ýardam edýär. Atyň ynsana ýetirýän hemmetaraplaýyn oňyn täsirini nazara alyp, ata-babalarymyz toýlarda, baýramlarda at çapdyryp, şowhun-şagalaň edip, hem öz saglyklaryny berkidipdirler, hem-de ahalteke bedewlerine hormat-sarpasyny beýan edipdirler. Halkymyz özüniň guwanjy, toý baýramlaryň bezegi saýýan ahalteke bedewleri bilen bagly düşünjeleri,  däp-dessurlary we edim-gylymlary öz gündelik durmuşyna berk ornaşdyrypdyr. Şonuň bilen baglylykda, at üstündäki oýunlaryň birnäçe görnüşleri döredilipdir. Olardan «atly göreş», «ýüp çolama», «telpek atdy», «ýigitlik oýny» , «at bökdürme», «altyn gabak», «gamçyny ber» ýaly oýunlary mysal getirmek bolar. At bilen bagly döredilen bu milli oýunlar ahalteke bedewleriniň milli gymmatlyk hökmünde halk arasynda ykrar edilmeginde, ýaş nesliň beden taýdan berk, maksada okgunly we ugurtapyjy bolup kemala gelmeginde möhüm ähmiýetlidir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ahalteke bedewleriniň arzysy has-da artýar. Aýlawlary baglaýan bu bedewleriň ýyndamlygy döwrümiziň ösüşleriniň badyna deňelýär.

 

Sülgün PIRIÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK