SANLY ULGAM — ÖSÜŞIŇ BINÝADY

     Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýe bolan sanly ulgamyň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ulgamlary ýaly pudaklarda uly işler amala aşyrylýar.

     Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaklary, ylym öwrenmekleri üçin edýän tagallalary bimöçberdir. Goý, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 617 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4816 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY