HALKARA GATNAŞYKLARYNDA SUNGATYMYZ GÜLLEÝÄR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň ösdürilmegi babatda ileri tutýan oňyn syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň halkara gatnaşyklarynda gazanylýan üstünlikler taryha beslenýär.

     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halkara gatnaşyklarynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlar boldy. Şeýle pursatlaryň biri bolan 2024-nji ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda bir hepdelik dowam eden Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça hünärmenleri Haşemi Seýedehsähär we Hosseýnian Näjme dagylar ussatlyk okuw sapaklaryny alyp bardylar. Ussatlyk okuw sapaklarynyň netijesi 11-nji noýabrda çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy we sergisi bilen jemlendi. Bu döredijilik duşuşygynda birnäçe çykyşlara orun berildi.

     Çykyşlarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemeginde Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet hem-de sungat bilen bagly dostluk köprüsini birleşdirýän taryhy wakalaryň ähmiýeti giňişleýin beýan edildi. Ussatlyk okuw sapagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça hünärmenleriň akademiýanyň mugallymlaryna hem-de talyplaryna, bu nepis sungatlaryň taryhyny we ýerine ýetiriliş tehnikasynyň aýratynlyklaryny içgin düşündirmekde özleriniň toplan baý tejribesini ýakyndan paýlaşandyklaryny buýsançly bellediler.

     Çykyşlaryň dowamynda ussat zenan suratkeşleri döredijilik pikirlerini beýan etdiler. Çünki döredijilige baý bolan sungat ojagynyň zehinli talyplarynyň ýokary derejede ýerine ýetirilen millilige ýugrulan naýbaşy eserleriniň özlerinde uly täsir galdyrandygyny aýdyp geçdiler. Şeýle-de bir hepdelik alnyp barylan ussatlyk okuw sapagynda talyplar bilen işleşmegiň gyzykly bolandygyny aýratyn belläp geçdiler. Her günde meýilnamalaýyn alnyp barlan okuw sapaklarynda berilýän ýumuşlaryň talyplar tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirilendigini we käbirleriniň döredijilikli çemeleşilip içgin aralaşmalarynyň bolmagy alnyp barlan okuw sapaklaryň ýokary derejede jemlenendigini bellediler. Talyplaryň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça özleriniň gyzyklanma soraglaryny berip, olar alan düşünjelerinden özbaşdak ýumuşlary ýerine ýetirendiklerini aýdyp geçdiler. Şeýle hem akademiýanyň mugallym talyplary bilen ýakyndan işleşmegiň täsirli bolandygyny beýan etdiler. Döredijilik maslahatynyň ahyrynda özleriniň şahsy goşandyny goşup ajaýyp sungat ussatlygyny Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen paýlaşyp, miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça tejribe sapaklary ýokary derejede geçirendikleri üçin hormatly myhmanlara dabaraly ýagdaýda hormat hatlary gowşuryldy.

 

Şemşat HEZRETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK