KÜŞTDEPDI-ÝÜREKLERIŇ JOŞGUNY

     Asyrlaryň synagyndan geçip, pederlerimizden miras galan milli medeniýetimiziň we medeni mirasymyzyň, maddy we maddy däl gymmatlyklarymyzyň öwrenilişi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda giň gerime eýe bolýar.

     Her bir halkyň milli medeniýeti we medeni mirasy – taryhyň açyk kitabydyr. Olaryň her bir sahypasy bolsa, geçilen durmuş ýolunyň tükeniksiz ruhy-ahlak kämilliginiň aýdyň beýanydyr. Halkymyzyň milli tans we folklor sungaty hem, gadymyýetden gözbaş alan, baý medeni mirasymyzyň özboluşly aýrylmaz bölegidir. Türkmen tans sungaty köp asyrlyk we häzirki zaman dessurlarynyň düzgünlerini özünde jemleýär. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy mirasyň baý däp-dessurlaryny özünde saklap, täze keşbe eýe bolýarlar.

     Milli tanslarymyzyň aýrylmaz bölegi hem küştdepdidir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Küştdepdi tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär.» diýip belleýär.

     2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem, küştdepdi aýdym we tans sungatyna gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär.

     Malim bolşy ýaly, küştdepdi maýyl ediji owazy we täsin tans hereketleri bilen köňülleri joşdurýar. Ony synçy nazaryň bilen synlanyň-da, gojaman Hazaryň täsin owazy, telwasly deňiz tolkunlary we  depesinde ganat ýaýyp ýören çarlak guşlaryň ajaýyp sesleri ýadyňa dolýar. Hereket bilen gazallaryň sazlaşygyny birleşdirýän, akgynly we sazlaşykly el çarpmalar bilen aýlanyp ýerine ýetirilýän küştdepdi tansy häzirki wagtda türkmen topragynyň bolluk eçilen baýramçylyklarynyň ählisiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Ony ýurdumyzyň ähli sebitlerinde folklor we tans toparlary durmuş heňňamynyň ebediligi, bagtyýar döwrüň belent ruhy we täze eýýamyň bedew bady bilen ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Bir söz bilen aýdanymyz-da, küştdepdi bagtyýar zamanamyzyň ajaýyp waspnamasydyr.

     Goý, milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK