GIŇ DÜNÝÄNIŇ GEŇ ÖSÜMLIGI

     Jakaranda atly täsin ösümlik Jakaranda Bignoniýalar (Bignonias) maşgalasyna degişli bolup, onuň örän inçe ýapraklary daşyndan seredeniňde, paporotniklere meňzeşdir. Gelip çykyşy Argentinadan, ýöne häzirki wagtda ýyly, çygly köp ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Jakarandanyň täsin, gök-benewşe reňkli, jaňjagaza meňzeş gülleri bolýar. Bu ösümligiň käbir görnüşleriniň ak, sary we goýy gyzyl reňkli güllileri hem gabat gelýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümlik oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli has owadan görünýär. Bu döwürde ol gülleýär we baldaklary güle bürenýär. Onuň boýunyň uzunlygy 30 metre çenli ýetýär.

     Jakaranda Awstraliýada giňden ýaýran has meşhur agaçdyr, ýagny: her ýylda Grafton şäherinde Jakaranda festiwaly geçirilýär. Bu ösümlik ýazyň gelendigini aňladýar. awstraliýalylarda çaga doglandan soň, jakarandany ekmek däbe öwrülen. Awstraliýaly talyplar bu agajy synag agajy diýip atlandyrýarlar (olarda oktýabr-noýabr aýlarynda okuw ýylynyň ahyrky synaglary başlaýar). Jakarandanyň güli kimiň kellesine gaçsa, bu onuň synagdan üstünlikli geçjekdigini aňladýar. Şeýle-de, talyplar bu agajy «Benewşe dowuly» diýip hem atlandyrýarlar.

     Jakaranda gözellik berýän we üstünlik getirýän agaçdyr. Köp ýurtlarda bu agaç şeýle bir gowy görülýär we köçeleriň ugrunda köp duş gelmek bolýar. Jakarandanyň ösýän, gülleýän ýeriniň howasy ýyly mähirli bolýar. Adamlar onuň üstünlik getirýändigine ynanýarlar. Şonuň üçin köp maşgalalar çaga doglandan soň bu täsin ösümligi howlularyna ekýärler. Şeýle-de, jakarandany ýokary we orta mekdepleriň howlularynda ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki wagtda jakaranda Meksikada, Amerikada, Ysraýylda, Hindistanda we beýleki köp ýurtlarda ösdürilýär. Ol diňe köçelerde bezeg bermän, agaç enjamlaryny taýýarlamakda hem ulanylýar. Braziliýada jakarandadan gowy akustik gitara ýasalýar.

     Jakaranda noýar-dekabr aýlarynda örän köp gülleýär. Bu döwürde ýapraksyz agajy gül örtüp durýar, köçeler gül seplen ýaly, agaçlaryň aşagyna benewşe reňkli haly düşelen ýaly bolýar. Bu haýran galdyrýan owadanlyk has joşgunly, täsirli görnüşi emele getirýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

GUGA ÇIGILDEMI

Indiki makala

ÝAŞLAR – ULY GÜÝÇ

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK