Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny, Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem yzygiderli öz çykyşlarynda nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döretmegi, dürli ugurlarda zähmet çekmegi, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar döwletimizi täze-täze belentliklere ýetirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmämize, ylaýta-da, ýaş nesle görelde bolýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar.
Biz – ýaşlar nusgalyk, başarjaň, ýaş, tutanýerli, halkyň aladasy bilen ýaşaýan döwlet Baştutanymyzyň üstünliklerine buýsanyp ýaşaýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly ösüşlerini üstünlikli dowam etdirmek üçin döredilen binýat berk, ýollar giň we açyk. Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her birimiziň öz mynasyp ornumyzy tapmak, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Täze döwrümiz beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň döwri. Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy eziz Diýarymyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp özenidir.
Biz – ýaşlar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, nurana geljegimize gönükdirilen döwletlilik ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýarys.
Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy, özara ynanyşmagy berkitmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy täze belentliklere ýetirmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren ALLAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.